價格:免費
更新日期:2018-04-16
檔案大小:3.3M
目前版本:1.1
版本需求:Android 1.6 以上版本
官方網站:mailto:statetm@gmail.com
Dünýä ýüzüne giňden ýaýran, esasan, ýaş okyjylaryň çäksiz söýgüsini gazanan «Harri Potter» atly bu eserde gürrüň berilýän wakalar on bir ýaşy dolan Harriniň äpet Rubus Hagridiň özi hakyndaky hakykaty aýdyp bermegi hem-de onuň jadygöýlik dünýäsine aralaşmagy bilen başlanýar. Joan Rouling öz romanynda okyja adatdan daşary, ýöne şol hakyky durmuş bilen berk baglanyşykly bolan täsin dünýäniň işigini açýar. Eger fantastik eser bolan «Narniý wakalary» özboluşly älemi, «Ýüzükleriň hökümdary» eseri mistiki geçmişi suratlandyrsa, «Harri Potter» däri-dermanlardyr her dürli ot-çöpler ýaly hakyky durmuşda gabat gelýän adaty zatlar bilen baglanyşykly wakalary öz içine alýar. Romanda magllar hasaplanýan ýönekeý adamlara görünmeýän gizlin köçelerdir obalar, ýeke-ýalňyz oturan köşklerdir gadymy garbanyşhanalar kitabyň täsirli, özüne çekiji bolmagyna, has gyzykly okalmagyna getirýär. Jadygöýligiňdir gözbagçylygyň mekdebi bolan Hogwartsa okamaga gelen Harri ol ýerde bagtly jadygöýler maşgalasyndan gelip çykan Ron, ýönekeý maşgaladan bolan işjanly, okamagy gowy görýän Germiona bilen dostlaşyp, her dürli täsinliklerdir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. 1997-2011-nji ýyllar aralygynda 450 million nusgalygy satylan bu kitap dünýäniň 70-e golaý diline terjime edildi. Bu gün biz çagalara we ýetginjeklere kynçylyklardan baş alyp çykmagy, dosta wepalylygy, çydainlylygy ündeýän bu kitaby türkmen okyjylaryna hem ýetirmegi makul bildik. Eseri okan her bir okyjy Harri Potter bilen bilelikde dürli täsin wakalaryň, gyzykly hadysalaryň şaýady bolar.
Üns beriň!
Indiki çykjak elektron kitaplardan habarly bolmak üçin statetm@gmail.com e-poçtasyna ýa-da +993 62 800466 belgili mobil telefona "Kitap üçin bellige durýan" ýaly mazmunly hat ugradyp bilersiňiz. Şeýlelikde täze kitap paýlaşanymyzda ilkinji sizi habarly ederis.
Bu kitapdaky maglumat "bolşy ýaly" esaslarda, kepilliksiz getirilýär. Bu iş taýýarlananda ähli seresaplyk çäreleri görlen hem bolsa, ne awtor(lar), ne elektron görnüşe geçiren ýa-da APK görnüşinde taýýarlan şahslar bu işdäki maglumat sebäpli çekilen göni ýa gytaklaýyn ýitgi ýa zelel üçin hiç bir adamyň ýa guramanyň öňünde jogapkärçilik çekmeýär.
Bu kitap hiç-hili görnüşde satuwa degişli däl. Bu kitaby islendik görnüşinde köpçülikde paýlaşylanda, islendik pul birligi ýa-da internet ulgamynda bal ýa-da ş.m. görnüşinde garşylygyny talap etmek gadagan. Kitaby mugt görnüşinde, hiç ýeri üýtgedilmedik ýagdaýynda paýlaşyp bilersiňiz.
Iňlis dilinden terjime eden Timar MÄMMETGURBANOWA.
Elektron görnüşine geçiren Ýusup Berdiýew (sawyer) - (sawyer.lost.thomas@gmail.com).
APK görnüşinde taýýarlan Rahmanow Döwlet Akmuhammedowiç (StateTM, DowletR) (statetm@gmail.com).
-=[ Goşmaça maglumat ]=-
Kitaby Google Play Store (Google Play Маркет)-den özüňize indirip alanyňyzda kitaby bahalandyryp, kiçiräk teswir galdyrmagy unutmaň.
Kitap okaýan wagtyňyz gabat gelen harp ýalňyşlyklaryny ýokardaky salgylaryň biriniň üsti bilen bize ýetirseňiz minnetdar bolardyk. Biz ýalňyşlyklary düzedip, kitabyň täze görnüşini size ýetirip durarys.
Ýene-de bir zat: kitabyň şriftiniň (harplarynyň) ululygyny APK-nyň "Sazlamalar" bölüminden üýtgedip bilersiňiz.